Parahatçylygyň baş sütüni

27 Oktýabr 2021
1344

1995-nji ýylda dünýä diplomatiýasy derejesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy ýaş Türkmenistan döwleti üçin sebit howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm resminama boldy.

Döwletimiziň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti paýhasyndan kemala gelýän başlangyçlar bu gün goňşy döwletler bilen parahatçylykly ýaşamagy goldamak, dost-doganlyk gatnaşygyny berkitmek ýörelgelerinde netijeli amala aşyrylýar. Bu babatda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiz üçin aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy.

Bibigül NAZAROWA,
welaýat Statistika müdirliginiň bölüm başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, KA-nyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar