Dost-doganlygyň ýörelgesi

28 Oktýabr 2021
1319

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halk we umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Halkymyzyň parahat durmuşy bolsa parahatçylykda, agzybirlikde jemlenendir. Çünki parahatçylyk, agzybirlik, dostluk bahasyz gymmatlykdyr. Munuň özi bagtly durmuşyň gözbaşydyr. Parahatçylyga sarpa goýýan, agzybirligi ýörelge edinen halk hemişe belent üstünliklere eýe bolýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna, parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde parahatçylyk taglymatyny barha rowaçlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan parahatçylygy döretmek sungatyny bütin ýer ýüzüne ýaýýar. Hemişe ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi öňe süren halkymyz dünýä medeniýetine hem uly goşant goşupdyr. Bu günki gün baky Bitaraplygymyz bütin dünýä parahatçylyk nuruny çaýýar. Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara uly goşant goşmak bilen, umumadamzadyň parahatçylygy üçin ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Gaýgysyz KAKALYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar