Parahatçylyk — baky bagtymyz

21 Oktýabr 2021
1491

Baky Bitaraplyk türkmen döwletiniň berkararlygynyň baş sütünleriniň biridir. Baky Bitaraplyk halkymyza asudalykda erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, batly gadamlar bilen beýik ösüşlere tarap öňe gitmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli ýörelgesi gözbaşyny şöhratly taryhymyzdan alyp gaýdýar. Pähimdar pederlerimiz dost-doganlyga, halklaryň medeniýetine uly sarpa goýupdyrlar. Biziň nusgawy edebiýatymyzda, atalar sözümizde, rowaýatlarymyzda, ertekilerimizde ata Watany, ene topragy, özbaşdaklygy, erkinligi, parahatçylygy söýmäge çagyryş aýratyn orun alýar. Munuň özi türkmen halkynyň asylly ýörelgesinden, milli dünýägaraýşyndan kemal tapýar. Çünki parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýermek ata-babalarymyzyň baş maksady bolupdyr. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik milli ýörelgelerimiz bolup, uzak taryhyň dowamynda kämilleşdirilipdir, ösdürilipdir. Şonuň üçin hem parahatçylygy has-da ösdürmekde türkmen halkynyň kämil tejribesi bar, taryhdan gözbaş alýan aýdyň ýoly bar.

Gurbanjemal MOLLAKOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.
Beýleki habarlar