Hoşniýetli ýörelgeleriň nusgasy

31 Oktýabr 2021
1433

Parahatçylygy ýörelge edinip, dünýä asudalyk nuruny çaýýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende galmagy her bir ildeşimizi buýsanja besleýär, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Parahatçylykly syýasaty öňe sürýän Türkmenistanyň sebitde möhüm üstaşyr-ulag geçiriji hökmündäki derejesini berkidýändigini

Gahryman Arkadagymyz ýygy-ýygydan belleýär. Bu çuňňur many-mazmunly, parasatly ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär we dünýä ýaýýar. Çünki Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli, oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda hem tagalla edýär. Hormatly Prezidentimiz ösüş we parahatçylyk düşünjeleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şu iki gudrata daýanyp belent sepgitleri eýeleýändigini paýhasly belleýär.

Gyzylgül PALTAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar