Parahatçylygyň belent nusgasy

26 Oktýabr 2021
1529

Garaşsyz Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň gerimini barha giňeldýär. Hemişelik Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, dabaralandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir.

Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň baş mukaddeslikleriniň biridir. Çünki diňe parahatçylygyň bar ýerinde beýik ösüşleri, bagtyýar durmuşy gazanyp bolýar. Aslynda, parahatçylyk adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan bolsa adamzadyň bu gymmatlygynyň mizemez ýol-ýörelgelerini döredip, dünýä halklarynyň arasynda dostluk-doganlygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň berkemegine we ösmegine deňsiz-taýsyz goşant goşýar. Türkmenistan halklaryň ösüşini nazarlaýan başlangyçlary yzygider beýan edýär. Munuň özi hem ýurdumyzyň dünýäde belent abraýa eýedigini, beýik işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň beýan edýär.

Maýa ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar