Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýoly

28 Oktýabr 2021
1329

Taryhda ýatdan çykmajak seneler bolýar, olar halkyň hakydasyna ykbal özgerdiji sene hökmünde müdimilik ýazylýar. Ynha, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhyna baky ýazyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýär. Munuň özi beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna gönükdirilen işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy möhüm gymmatlyga öwrüldi.

Mährijemal ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň önümçilik-tejribe okuwynyň ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar