Hoşniýetliligiň asylly ýörelgesi

17 Oktýabr 2021
1436

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň parahatçylykly, hoşniýetli daşary syýasatynyň ýol-ýörelgesini kesgitleýär we dünýä äşgär edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak türkmen halkynyň belent hem-de umumadamzat bähbitli ýörelgeleridir we maksatlarydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak hoşniýetliligi özünde jemleýän ynsanperwer ýörelgelerdir. Olar parahatçylygyň mizemez binýadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen islendik ugurlar boýunça iki tarapa hem bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin açykdygy bellenilýär. Munuň hut şeýledigine eziz Diýarymyzda öňe sürülýän «Açyk gapylar» syýasaty aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini dünýä ýaýýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Ejebaý KULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar