Watan gujagynda bagtyýardyr çagalar

17 Maý 2021
928

Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň ata Watanymyza, il-günümize gerekli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli künjeginde aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şol bäsleşikler ýaş nesliň sungat älemine çuňňur aralaşmagyna, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmeklerine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi hem şeýle gözden geçirişlikleriň biridir. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşige aýdym-saza höwesli, dile çeper, ruhubelent, milli mirasymyza sarpa goýýan, ýüreklerinde ata Watanymyza söýgi püre-pür bolan mekdep okuwçylarynyň birnäçesi gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýär.

Ýakynda welaýat medeniýet merkezinde mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde yglan eden bu bäsleşigine 7-14 ýaşly zehinli çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Olar bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynyň ýeňijileri hökmünde welaýat bäsleşiginde ukyp-başarnyklaryny synamaga hukuk gazandylar.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.