Parahatçylyk we ynanyşmak: ählumumy ösüşiň gözbaşy

27 Oktýabr 2021
1338

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara düşünişmegi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde öňe sürüp, ähli halklar üçin parahatçylygy goldamaga we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bolup dünýä dolan bu başlangyjy halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde tüýs ýürekden makullanylýar hem-de uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän her bir maksatnamasy, netijeli alyp barýan daşary syýasat işi bütin dünýäde ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi umumadamzadyň üns merkezinde duran halkara meseleleri ulgamlaýyn esasda doly we netijeli çözmegiň, öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm guralydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Onuň düýp özeni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň 106-njy umumy mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarynyň tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrylýandygyny, ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň we oňyn içeri syýasatymyzyň dowamy bolup durýandygyny dolulygyna tassyklaýar. Her bir güni taryhy wakalara beslenýän üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň birnäçe möhüm wakalar — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleri bilen özara sazlaşýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ajaýyp sazlaşyk üstümizdäki ýylyň ähmiýetini has-da artdyryp, oňa täzeçe öwüşgin, many-mazmun berýär. Bularyň ählisi bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň şygarynyň giňden dabaralanýandygynyň özboluşly alamaty.

Kemal GURBANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar