Arkadagyň beýik başlangyçlary

18 Oktýabr 2021
1407

hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

Žurnalistikany «ykbalym» diýip saýlaňsoň, bar pikir-oýuň nämedir bir zatlar ýazyp, köňlüňdäkileri ile ýetirmek arzuwy bolaýýar eken. Edil häzirem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň, onda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýetini hertaraplaýyn açyp görkezmek üçin başy başlanan makalalar toplumyny dowam etdirmegiň pikirinde ýörün. Dogrusy, bu barada nämeler ýazaryn diýip çuň oýa batmagam zerur däl. Netijeli, işjeň daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalaryň yzy üzülenok. Ynha, milli Liderimiziň 14-nji sentýabrda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, 15-nji sentýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine onlaýn usulda gatnaşyp, çykyş etmegi bolsa ulag diplomatiýasy hakda ýazjaklarymyza esas boldy...

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar