"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň girewi

Kadaly iýipiçmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrýar, güýçgaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär.

5000 Ýaşly melhem

Gök çaý içseň Göwün galkyp, süňňüň ýeňlär,Gök çaý içseň derläp-derläp.Ýyrak gider senden ýoňlar,Gök çaý içseň derläp-derläp.

Temmäkiden azat ýurt

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak ata Watanymyz Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda,  milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler öňde goýulýar. Bu ugurda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işleriň biri hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony ýerine ýetirmek çäreleriniň meýilnamasynyň tassyklanylmagydyr. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi temmäki tüssesinden raýatlary goramagyň hukuk binýady bolup durýar. Türkmenistan saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işle

Kadalary berjaý edeliň!

Howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Hemaýat ýagşy

Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji awgustda Arkadag şäherine gelip, saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşmagy, näsaglar bilen gürrüňdeş bolmagy, şeýle-de bu düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan maslahat geçirmegi ýurdumyzda ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr. Şäheriň köpugurly hassahanasyna, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, saglygy goraýyş merkezlerinde näsaglaryň saglygyny bejermek, dürli operasiýalary geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanşan Gahryman Arkadagymyzyň ol ýerdäki hassalar we olaryň hossarlary bilen söhbetdeş bolmagy, ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy.

Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny ynam bilen ýöredýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Bu babatda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň iri saglygy goraýyş merkezleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şonuň netijesinde ilatyň ömrüniň dowamlylygy uzalyp, dürli keselleriň ygtybarly öňi alynýar. Şu maksat bilen immuno-öňüni alyş sanjymlary hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle sanjymlar dürli kesellere garşy göreşmegiň iň netijeli usullarynyň biridir. Möhüm işe biziň welaýat gullugymyzyň hünärmenleri hem ýakyndan gatnaşýarlar. Waksinalaryň ýörite saklanyş şertleri bolup, olary berjaý etmäge örän çynlakaý çemeleşilýär. Munuň üçin ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Oňa golaýda ýurdumyzyň saglyk edaralarynda ilkinji Gün paneliniň Halaç etrabynyň Pelwert oba saglyk merkezinde gurnalmagy-da aýdyň mysallaryň biridir. Munuň özi Gündogar sebitde çagalaryň we ulularyň saglygyny goramak işinde möhüm wakadyr. Bu oba saglyk merkezinde Gün paneliniň gurnalmagy ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde durmuşa geçirýän möhüm taslamalarynyň biridir. Täze ulgam merkezdäki ähli lukmançylyk we lukmançylyk däl enjamlary ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmä

Düzgünleri berjaý ediň!

Tomus — dynç alşyň, gezelençleriň, dürli miwedir gök önümleriň ýetişýän döwri. Dynç alşyň lezzetli, gezelençleriň gyzykly bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, janymyz sag bolmaly. Hut şonuň üçin hem tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin: sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli;

Saglygymyzyň möhüm şertleri

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Lukmanyň maslahaty

Güýzde berjaý edilmeli kadalar Sagdyn ýaşamak üçin ýylyň ähli paslynda dogry iýmitlenmeli. Dogry iýmitlenmek adamyň saglygyny berkidip, ömrüni uzaldýar. Bosagada güýz pasly. Güýz paslynda günler gysgalyp, gijeler uzalyp ugraýar. Howa az-kem salkynlaşýar. Adatça, bu döwürde dowamly keseller gozgaýar. Witaminlere, mikroelementlere baý gök önümleri iýip, bedeni gyşa taýýarlamaly. Güýzde aterosklerozda we beýleki ýürek-damar kesellerinde peýdaly gawunyň, böwrek kesellerinde nepli garpyzyň bol hasyly ýetişýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

MÜŇ BIR DERDIŇ DERMANY Her bir damjasy müň bir melheme barabar düýe süýdi we ondan taýýarlanylýan önümler ynsan saglygy üçin örän gymmatlydyr. Ata-babalarymyz “Düýe malym — dünýe malym” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Özboluşly tagamy, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýan düýe süýdüni, düýe çalyny içýän we agaranyny iýýän adamlaryň ömür dowamlylygynyň 80-90 ýaşdan geçýändigini hünärmenler belleýärler. Ata - babalarymyz ýagly naharlary iýenlerinden soň düýe çalyny içmegi endige öwrüpdirler. Çünki, bu içgi iýmitiň, ýaglaryň çalt özleşmegini üpjün edýär.

Deňiz suwy ynsan saglygy üçin tapylgysyz emdir

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç, oňat keýp bilen ýene-de işe başlamagy islemeýän adam ýokdur?! Köneürgençdäki, köne Amuldaky, Nusaýdaky taryhy ýerlere baryp, gadymy ýadygärlikleri synlajakmy? Köpetdagyň we Köýtendagyň, Amyderýa jülgesiniň täsin haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi bilen tanyşjakmy? Paýtagtymyzdaky, welaýat merkezlerindäki muzeýlere baryp görmekçimi? Kaşaň jaýlarda ýerleşen, ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan şypahanalarda saglygyňy dikeltjekmi ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljakmy? Ýurdumyzda munuň üçin has oňat mümkinçilikler döredilendir. Hatda Hazaryň saglyk üçin has ýaramly türkmen kenarynda dynç alyp, onuň jana tenekar suwunda gulaçlap ýüzmek hem mümkindir. Deňziň suwunda ýod köpdür. Bu himiki element beýniniň ýerine ýetirijilik ukybyny işjeňleşdirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar, galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Onuň kenarynda 15 — 20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar. Hlorly natriý (nahar duzy) deňiz suwuna şorumtyk hlorly we kükürtli magniý (iňlis duzy) bolsa, ajymtyk tagam berýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülmegi bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär. Tolkunlar deri we myşsalar üçin tebigy türgenleşik bolup durýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadyryn bilgil... Onkologiýa keselleri, ýagny, howply täze döremeler dünýäde ýokanç däl keselleriň esasy bölegini düzmek bilen, adamzada uly zyýan ýetirýär. Howply täze döremeleriň bir görnüşi hem erkekleriň peşewhalta asty ýerleşen mäziniň howply çiş keselidir. Bu kesel, esasan-da, erkek adamlarda 40 ýaşdan soň, aýratyn-da 50-69 ýaşly adamlarda has ýygy duş gelýär. Keseliň başlangyç derejelerinde alamatsyz, ýagny, gizlin geçýändigi sebäpli näsaglaryň 80-95 göterimi lukmanlara giç ýüz tutýar.

Saglyk — beglik

•Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň. •Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden saklanyň.

«Akylly» şäheriň saglyk sahawaty

Döwrüň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş, Onkologiýa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, Tiz kömek merkezleri, köpugurly hassahanasy, Saglyk öýi ýurdumyzda hereket edýän köp sanly saglyk maksatly desgalaryň üstüni ýetirdi. «Akylly» şäheriň toý dabarasynyň dowam edýän günlerinde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň elimize gowuşmagy biziň üçin aýratyn sowgat boldy. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen bu gaznanyň alyp barýan sogaply işleri barada söhbet açylyp, pederlerimiziň ejizi goldamak, mätäje ýardam bermek, sahawatlylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik ýörelgeleri giňden beýan edilýär.

Ýaş nesliň bagtly geljegi üçin

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesil aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky tagallalara Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Arkadag şäherinde çagalara niýetlenen binalaryň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Bu «akylly» şäherde döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşmegi örän guwandyrýan ýagdaýdyr. Galyberse-de, täze şäherde ýerleşýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde ildeşlerimize, şol sanda çagalara saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça giň mümkinçiliklerdir şertleriň göz öňüne tutulandygyny aýratyn bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji awgustda Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşlygynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna täze şäheriň köpugurly hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglygy bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda ýaş nesil hakda uly alada edilýändiginiň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş

Suwuň peýdasy

Ähli janly-jandaryň ýaşaýşy üçin zerur, deregini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýan zat — suwdur. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Adamyň sagdynlygy üçin suwy ýeterlik mukdarda içmegiň ähmiýeti uludyr. Çünki suw adamyň bedeniniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini, şeýle-de bedende bolup geçýän alyş-çalyş ahwalynyň bökdençsiz geçmegini üpjün edýär. Suwuň içiliş düzgünlerini bilmegiň we olary ýerine ýetirmegiň saglygymyz üçin orny uludyr. Geçirilen lukmançylyk barlaglaryna görä, günüň dowamynda 1,5-2 litre golaý suwuň içilmelidigi takyklandy. Ýöne türgenler, gyzgyn howa şertlerinde we hereketi köp talap edýän hünärde işleýän adamlar, süýjüli diabet nähoşlary suwy köp içýärler. Şeýle-de irden ajöze, nahar wagty, agşamlyk nahardan öň, suwsan mahalyň suw içmek, onuň gyzgyn ýa-da sowuklygyna üns bermek ähmiýetlidir. Adamlarda limonly, süýjüli suw, dürli gazlandyrylan suwlar, miwe şireleri ýa-da olardan taýýarlanan gaýnatmalar, çaý, kofe — bulary hem suwuň deregine ulanmak bolar diýen düşünje bar. Ýöne olar arassa içimlik suwuň ornuny tutmaýar. Suwuň öz ornunyň, özüne mahsus peýdaly häsiýetleriniň bardygyny unutmaly däldir.

Sarymsak — serim sag

Sarymsak — kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermanydyr. Onuň täsin häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllyga degişli golýazmalarda sarymsagyň tebipler we aşpezler tarapyndan giňden ulanylandygy barada maglumat berilýär. Sarymsagyň dermanlyk häsiýetleriniň barlygy ählimize bellidir. Sarymsak bakteriýalara garşy ulanylýar, garamükür (singa) keseliniň hem öňüni alýar. Ol inçejik gan damarlaryny (kappilýarlary) berkitmekde-de tapylgysyz tebigy serişdedir. Sarymsagyň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar. Golaýda amerikan alymlary sarymsagyň ýene-de bir peýdaly tarapynyň bardygyny subut etdiler. Alabama uniwersitetiniň hünärmenleri sarymsagyň ýüregiň işine oňaýly täsir edýändigini, gan damarlardaky dartgynlygy aýyrýandygyny ýüze çykardylar. Sarymsagyň düzümindäki allisin gormonlara täsir edip bilýär we gandaky holesterini 10 göterim azaldýar. Sarymsak fitonsidleri bölüp çykarýar. Olar öz gezeginde mikroblary, dürli wiruslary we bakteriýalary ýok etmäge ukyplydyrlar.

«Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun»

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, ýaramaz endiklerden daşda durmaly. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Gök otlaryň peýdasy

Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, güýz günlerinde hem miwedir gök önümleri, naharyň ýany bilen gök otlary iýmek saglyga örän peýdalydyr. Gök otlar işdäňi açýar, süňňüňi gurplandyrýar. Olaryň düzüminde ynsan saglygyna zerur maddalar saklanýar. Allergik täsiriniň ýokdugy sebäpli, ter gök otlar çagalar üçin hem peýdalydyr. Olaryň bary-ýogy 3 — 5 gramy çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen üpjün edip biler. Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly ter, gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti ir döwürlerden bäri mälimdir. Reýhan B1 we B2 görnüşli ýokumlaryň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesidir. Reýhan gan aýlanyşynyň işjeňligini gowulandyrýar. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Reýhanyň düzüminde merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür. A ýokumynyň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu ýokumyň sintezlenmegine gatnaşýan karotin bar. Onuň düzümindäki efir ýagy we saponinler dem alşy gowulaşdyrýar, üsgülewügi aýyrýar. Reýhan işdäňi açýar, naharyň siňmegine ýardam edýär, immuniteti berkidýär.

Gök önümleriň peýdasy

Adam bedeni ýylyň islendik paslynda-da ýaşaýyş üçin derwaýys ýokumlara mätäç bolýar. Bedeniň witaminlere, mikroelementlere bolan talabyny şugundyr, käşir, sarymsak we beýleki gök önümler arkaly kanagatlandyrmak mümkindir. Şugundyr — çigligine iýilmeýär. Ýöne sagdyn iýmitlenmäge endik eden adamlar çig şugundyry käşir ýa-da alma bilen bilelikde gyrgyçdan geçirip iýmegi halaýarlar. Bu önümiň ter görnüşinde B toparly witaminler bar. Şonuň üçin ol maddalaryň alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär. Çig şugundyr aşgazany agyryly adamlar üçin zyýanlydyr. Peýdaly maddalaryny ýitirmesin diýseňiz, şugundyry gabygy bilen gaýnadyp, pitiniň gapagyny ýapmagy hem unutmaly däldir. Şugundyr gaýnadylanda peýdaly maddalar ýeňil siňýär. Üstesine, bu önüm güýçli iç sürüji täsire eýedir. Semiz adamlara gaýnadylan şugundyr iýmek maslahat berilýär.