Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli hyzmatdaşlyk

23 Awgust 2023
393

Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny ynam bilen ýöredýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Bu babatda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň iri saglygy goraýyş merkezleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şonuň netijesinde ilatyň ömrüniň dowamlylygy uzalyp, dürli keselleriň ygtybarly öňi alynýar. Şu maksat bilen immuno-öňüni alyş sanjymlary hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle sanjymlar dürli kesellere garşy göreşmegiň iň netijeli usullarynyň biridir. Möhüm işe biziň welaýat gullugymyzyň hünärmenleri hem ýakyndan gatnaşýarlar.

Waksinalaryň ýörite saklanyş şertleri bolup, olary berjaý etmäge örän çynlakaý çemeleşilýär. Munuň üçin ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Oňa golaýda ýurdumyzyň saglyk edaralarynda ilkinji Gün paneliniň Halaç etrabynyň Pelwert oba saglyk merkezinde gurnalmagy-da aýdyň mysallaryň biridir. Munuň özi Gündogar sebitde çagalaryň we ulularyň saglygyny goramak işinde möhüm wakadyr. Bu oba saglyk merkezinde Gün paneliniň gurnalmagy ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde durmuşa geçirýän möhüm taslamalarynyň biridir. Täze ulgam merkezdäki ähli lukmançylyk we lukmançylyk däl enjamlary ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge niýetlenilendir. Bu bolsa saglyk merkezindäki işleri sazlaşykly guramakda, şeýle-de waksinalary edilýän ýokary talaplara laýyklykda saklamagy üpjün etmekde ähmiýetlidir.

Agajan AKYÝEW,
welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar