Hemaýat ýagşy

23 Awgust 2023
421

Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji awgustda Arkadag şäherine gelip, saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşmagy, näsaglar bilen gürrüňdeş bolmagy, şeýle-de bu düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan maslahat geçirmegi ýurdumyzda ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr.

Şäheriň köpugurly hassahanasyna, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, saglygy goraýyş merkezlerinde näsaglaryň saglygyny bejermek, dürli operasiýalary geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanşan Gahryman Arkadagymyzyň ol ýerdäki hassalar we olaryň hossarlary bilen söhbetdeş bolmagy, ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar