Suwuň peýdasy

22 Awgust 2023
699

Ähli janly-jandaryň ýaşaýşy üçin zerur, deregini hiç zat bilen çalşyryp bolmaýan zat — suwdur. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr. Adamyň sagdynlygy üçin suwy ýeterlik mukdarda içmegiň ähmiýeti uludyr. Çünki suw adamyň bedeniniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini, şeýle-de bedende bolup geçýän alyş-çalyş ahwalynyň bökdençsiz geçmegini üpjün edýär.

Suwuň içiliş düzgünlerini bilmegiň we olary ýerine ýetirmegiň saglygymyz üçin orny uludyr. Geçirilen lukmançylyk barlaglaryna görä, günüň dowamynda 1,5-2 litre golaý suwuň içilmelidigi takyklandy. Ýöne türgenler, gyzgyn howa şertlerinde we hereketi köp talap edýän hünärde işleýän adamlar, süýjüli diabet nähoşlary suwy köp içýärler. Şeýle-de irden ajöze, nahar wagty, agşamlyk nahardan öň, suwsan mahalyň suw içmek, onuň gyzgyn ýa-da sowuklygyna üns bermek ähmiýetlidir. Adamlarda limonly, süýjüli suw, dürli gazlandyrylan suwlar, miwe şireleri ýa-da olardan taýýarlanan gaýnatmalar, çaý, kofe — bulary hem suwuň deregine ulanmak bolar diýen düşünje bar. Ýöne olar arassa içimlik suwuň ornuny tutmaýar. Suwuň öz ornunyň, özüne mahsus peýdaly häsiýetleriniň bardygyny unutmaly däldir.

Muhammetnazar ABDYŞÜKÜROW,
Bäherden etrabynyň Garawul oba saglyk merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar