Temmäkiden azat ýurt

24 Awgust 2023
561

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak ata Watanymyz Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda,  milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler öňde goýulýar. Bu ugurda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işleriň biri hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony ýerine ýetirmek çäreleriniň meýilnamasynyň tassyklanylmagydyr. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi temmäki tüssesinden raýatlary goramagyň hukuk binýady bolup durýar.

Türkmenistan saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar