«Akylly» şäheriň saglyk sahawaty

23 Awgust 2023
586

Döwrüň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş, Onkologiýa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, Tiz kömek merkezleri, köpugurly hassahanasy, Saglyk öýi ýurdumyzda hereket edýän köp sanly saglyk maksatly desgalaryň üstüni ýetirdi.

«Akylly» şäheriň toý dabarasynyň dowam edýän günlerinde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň elimize gowuşmagy biziň üçin aýratyn sowgat boldy. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen bu gaznanyň alyp barýan sogaply işleri barada söhbet açylyp, pederlerimiziň ejizi goldamak, mätäje ýardam bermek, sahawatlylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik ýörelgeleri giňden beýan edilýär.

Aşyrgeldi HALAPOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar