Ýaş nesliň bagtly geljegi üçin

22 Awgust 2023
670

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesil aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky tagallalara Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Arkadag şäherinde çagalara niýetlenen binalaryň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Bu «akylly» şäherde döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşmegi örän guwandyrýan ýagdaýdyr. Galyberse-de, täze şäherde ýerleşýän häzirki zaman lukmançylyk merkezlerinde ildeşlerimize, şol sanda çagalara saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça giň mümkinçiliklerdir şertleriň göz öňüne tutulandygyny aýratyn bellemelidiris.

Gahryman Arkadagymyzyň 12-nji awgustda Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşlygynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna täze şäheriň köpugurly hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglygy bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda ýaş nesil hakda uly alada edilýändiginiň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bolanda, çagalary atalyk mähri bilen gurşap, olara beden sazlaşygyny üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen maşklary etmäge ýardam berdi. Şol pursatlara teleýaýlym arkaly tomaşa edenimizde lukman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrundaky tagallalaryna buýsanjymyz goşalandy.

Jemal REJEBOWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar