Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

23 Awgust 2023
566

MÜŇ BIR DERDIŇ DERMANY

Her bir damjasy müň bir melheme barabar düýe süýdi we ondan taýýarlanylýan önümler ynsan saglygy üçin örän gymmatlydyr. Ata-babalarymyz “Düýe malym — dünýe malym” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Özboluşly tagamy, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýan düýe süýdüni, düýe çalyny içýän we agaranyny iýýän adamlaryň ömür dowamlylygynyň 80-90 ýaşdan geçýändigini hünärmenler belleýärler. Ata - babalarymyz ýagly naharlary iýenlerinden soň düýe çalyny içmegi endige öwrüpdirler. Çünki, bu içgi iýmitiň, ýaglaryň çalt özleşmegini üpjün edýär.

Beýleki habarlar