"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary daşary syýasatdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, hususan-da, sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmek, Hazar, Aral meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem täze wehimlere we howplara garşy bilelikdäki hereketlerde özara gatnaşyklary giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.

Türkmenistan — Indoneziýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bilen ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkidýän döwletleriň sany barha artýar. Şu gün — 10-njy dekabrda Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli okyjylarymyza dostlukly ýurt baradaky gyzykly maglumatlary ýetirýäris. Gadymyýet bilen häzirki zamanyň utgaşýan mekany bolan Indoneziýada belent hem döwrebap ymaratly şäherlerdir taryhy ýadygärlikler biri-biri bilen goňşuçylykda ýerleşip, özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Sport – dost-doganlyk köprüsi

Hormatly Prezidentimiz: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys» diýip nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna 3-nji dekabrda bolup geçen şanly wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de ol ýerde dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.

Dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda

8-nji dekabrda Türkmenistan bilen Liwiýa Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Liwiýa býurosynyň başlygy Mahmud Abdulaziz HASANYŇ redaksiýamyza ýollan makalasyny okyjylara ýetirýäris. — Liwiýa Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygy onuň aýratynlygydyr. Liwiýa halkara meýdançalarda hemişe-de Türkmenistany goldap geldi we halklarymyzyň bähbidine özara hereketlerimizi mundan beýläk-de ösdüreris.

Awaza uly wakanyň bosagasynda

Asyl tebigatyna mahsus howa bilen gelen gyşyň ýedinji güni. Awaza. Deňiz kenary. Täze bir makalanyň pikirlerini hemra edinip, kenarda güýz ýapraklary ýaly ýazylyp ýatan balykgulaklary basmaga dözmän ýörşüme, öz ýanymdan pikir öwürýärin: «Gyşda Awaza gelmek üçin 5 sebäp» atly makala ýazmaly bolsam, haýsy sebäpleri görkezip bilerdim?». Soňam içki dünýämde şol sebäpleri hatarlaýaryn. Megerem, olaryň ilkinjisi gündizleriň iň gysga günlerinde ýurdumyzyň çägindäki iň gysga gündizlere şaýat bolmak bagty bolardy. Ir bilen sagat 8-e golaýlaman ýagtylybermeýän jahan gaýtadan tümlüge bürenmek üçin hem agşam 8-9-a garaşyp duranok. Bary-ýogy birnäçe sagatlyk gündizler, göwnüňe bolmasa, edilmeli işleriň juda kändigini ýatladyp, hyýallaryňy gyssaýana çalymdaş. Her niçik hem bolsa, bu ýagdaý ýylyň iň gysga gündizlerinde-de ir säher 7-ä galman güneşi garşylaýan, garaňkyny düşürip hem öýe dolanýan gündogarly žurnalist üçin täsinligiň hut özi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Garagum sährasynda az salym

Ales KARLÝUKEWIÇ, Belarus döwletiniň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, ýazyjy, terjimeçi Ýurdumyzyň Ýazyjylar birleşiginiň ýygnagyna üýşüpdik. Edebiýatçylar öýünde hemişe gürrüňleşip oturýan ýerimiz ýatlama otagydy. Şul ýere aýagymy atanymam şol, Walentin Antonowiç Lukşa elini salgady. Ol köp ýyllap «Юнацтва» («Ýaşlyk») neşirýatynda başlyk boldy. Menden: «Dostlarymyzdan näme habar?! Agageldi bilen habarlaşýarmyň?» diýip sorady.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanda Sierra-Leone Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy S.Lawrow özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly, depginli, yzygiderli häsiýetini belledi. “Türkmenistan biziň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Russiýa sebitleýin we halkara işlerde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun berýär. Iki ýurduň Prezidentleri biziň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine itergi berýär. Olar diňe şu ýylyň özünde bäş gezek duşuşdylar” diýip, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri nygtady hem-de parlament hyzmatdaşlygynyň, Russiýanyň sebitleriniň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň ähmiýetini belledi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.

Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler

Türkmenistan we Russiýa ulag, üstaşyr hem-de logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparynyň döredilmegi boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Mämmethan Çakyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan topary döretmek meýilleşdirilýär.

Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty: dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­synda

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly rowaçlyga beslenen düýpli özgertmeleri, tutumly başlangyçlardan gözbaş alan şanly ösüşleri bilen şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň gadymy milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek, olary baýlaşdyrmak, döwrebap röwüşde ösdürmek barada edýän işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan mertebelenilmegi üstümizdäki ýylymyzyň şanyna-şan, göwünlerimiziň joşgunyna-joşgun goşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky gelip gowşan hoş habar hem ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Ildeşlerimiz bu barada redaksiýamyza ýollaýan hatlarynda ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler: Güneşli ýurdumyzda ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, nesilden-nesle geçip, sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek babatda nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan döwletimiz özara bähbitli halkara gatnaşykda barha işjeň orna eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. 27-29-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Milli Assambleýasynyň ýolbaşçysy Kim Jin-Pýo, «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşyp, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmagy geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňeljekdigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu saparynyň dowamynda işewürler maslahatyna gatnaşmagy, öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy milli ykdysadyýetimize maýa çekmekde täze mümkinçilikleri açar. Koreýanyň meşhur kompaniýalary ýurdumyzda amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli düzümleýin iri taslamalara gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda dünýäde iň iri ýataklaryň biri

Parahatçylygyň saýasy

Dünýä giň. Ynsanlar köp. Ýaşaýyş dowam edýär. Muňa garamazdan, adamzadyň asuda, parahat durmuş dowamlylygy zerur zatlaryň biridir. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň bardygy, şol ýagdaýlaryň sebäbini öwrenmek we onuň bilen bagly meseleleriň parahatçylyk ýoly bilen gepleşikleri geçirmek arkaly çözgüdini tapmak adamlaryň ertirki güne bolan ynamyna oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halklar bir jebis maşgala bolmaly. Şeýle bolanda, parahat günler, bol-telkilik, gülläp ösüş höküm sürýär. Bu ugurda berk binýatlylygy döretmek, has dogrusy, parlamentara gatnaşyklar bilen kanunçylygy ösdürmek üçin milli Liderimiz möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýaponiýa döwletine, Russiýa Federasiýasyna resmi saparlary amala aşyrdy. Golaýda bolsa, Koreýa Respublikasynda bolup, daragtyň salkyn saýasy bilen rahatlygy, ýakymlylygy emele getirişi ýaly, parlamentara gatnaşyklarynda hem kanunçylyk guralynyň bütin Ýer ýüzüniň halklaryna parahatçylygyň saýasyny salmalydygyny nygtady. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz iki döwletiň arasynda taryhy Ähtnamanyň kabul edilmegini gazandy. Bu pursatlara gözli şaýat bolmak, ony siziň bilen paýlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin özümizi örän bagtly saýýarys.

Hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry

5-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­ty, «Nicklaus Com­pa­nies» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Jon Ri­zi, «UGT Re­ne­wab­les» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş­ly­gy Go­ran Raý­si­çi hem-de «Cli­ma­te Com­pass» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Ke­win Jeým­si ka­bul et­di. No­bat­da­ky Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­za ge­len myh­man­lar du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy we iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy dö­re­di­len Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.

«Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi öz müş­de­ri­le­ri­ne el ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni kar­zy­na sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» DTB-si ar­ka­ly möh­le­ti 3 ýy­la çen­li, ýyl­lyk 12 gö­te­rim bi­len 30 000 ma­na­da çen­li möçberli karz se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni hö­dür­le­ýär.

Birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hemde sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Munuň özi diňe bir içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda onuň türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolup durýandygyny görkezmek bilen baglydygyny aňladýar. Türkmen halylarynyň haýran galdyrýan gözelligini we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygyny, olaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Bu aýratynlyklar halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar. Köp asyrlyk taryhynda halyçylyk sungaty belent derejedäki kämillige ýetirilip, nagyşlar çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň nagyşlarynda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy, onuň pelsepesi we dünýägaraýşy beýan edilendir.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.