Ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylyk

9 Dekabr 2022
495

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary daşary syýasatdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, hususan-da, sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmek, Hazar, Aral meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem täze wehimlere we howplara garşy bilelikdäki hereketlerde özara gatnaşyklary giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.

«Nesil».