Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty

6 Dekabr 2022
415

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.

Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.