Parahatçylygyň saýasy

6 Dekabr 2022
398

Dünýä giň. Ynsanlar köp. Ýaşaýyş dowam edýär. Muňa garamazdan, adamzadyň asuda, parahat durmuş dowamlylygy zerur zatlaryň biridir. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň bardygy, şol ýagdaýlaryň sebäbini öwrenmek we onuň bilen bagly meseleleriň parahatçylyk ýoly bilen gepleşikleri geçirmek arkaly çözgüdini tapmak adamlaryň ertirki güne bolan ynamyna oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halklar bir jebis maşgala bolmaly. Şeýle bolanda, parahat günler, bol-telkilik, gülläp ösüş höküm sürýär. Bu ugurda berk binýatlylygy döretmek, has dogrusy, parlamentara gatnaşyklar bilen kanunçylygy ösdürmek üçin milli Liderimiz möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýaponiýa döwletine, Russiýa Federasiýasyna resmi saparlary amala aşyrdy. Golaýda bolsa, Koreýa Respublikasynda bolup, daragtyň salkyn saýasy bilen rahatlygy, ýakymlylygy emele getirişi ýaly, parlamentara gatnaşyklarynda hem kanunçylyk guralynyň bütin Ýer ýüzüniň halklaryna parahatçylygyň saýasyny salmalydygyny nygtady. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz iki döwletiň arasynda taryhy

Ähtnamanyň kabul edilmegini gazandy. Bu pursatlara gözli şaýat bolmak, ony siziň bilen paýlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin özümizi örän bagtly saýýarys.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».