Dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda

9 Dekabr 2022
468

8-nji dekabrda Türkmenistan bilen Liwiýa Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Liwiýa býurosynyň başlygy Mahmud Abdulaziz HASANYŇ redaksiýamyza ýollan makalasyny okyjylara ýetirýäris.

— Liwiýa Döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygy onuň aýratynlygydyr. Liwiýa halkara meýdançalarda hemişe-de Türkmenistany goldap geldi we halklarymyzyň bähbidine özara hereketlerimizi mundan beýläk-de ösdüreris.