Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

6 Dekabr 2022
493

Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan döwletimiz özara bähbitli halkara gatnaşykda barha işjeň orna eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. 27-29-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Milli Assambleýasynyň ýolbaşçysy Kim Jin-Pýo, «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşyp, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmagy geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňeljekdigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu saparynyň dowamynda işewürler maslahatyna gatnaşmagy, öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy milli ykdysadyýetimize maýa çekmekde täze mümkinçilikleri açar.

Koreýanyň meşhur kompaniýalary ýurdumyzda amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli düzümleýin iri taslamalara gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny, şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 13 maýa goýum taslamasynyň hasaba alynmagyny görkezmek bolar. Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi üstünlikli tamamlanan bilelikdäki iri taslamalardyr. Bu Koreýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanmasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, iň iri «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Daewoo Engineering and Construction» koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz, himiýa senagaty we beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýändiklerini bellemek bilen, «Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we geljekde-de höweslendireris hem-de goldarys» diýip aýtdy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».