Awaza uly wakanyň bosagasynda

9 Dekabr 2022
513

Asyl tebigatyna mahsus howa bilen gelen gyşyň ýedinji güni. Awaza. Deňiz kenary. Täze bir makalanyň pikirlerini hemra edinip, kenarda güýz ýapraklary ýaly ýazylyp ýatan balykgulaklary basmaga dözmän ýörşüme, öz ýanymdan pikir öwürýärin: «Gyşda Awaza gelmek üçin 5 sebäp» atly makala ýazmaly bolsam, haýsy sebäpleri görkezip bilerdim?». Soňam içki dünýämde şol sebäpleri hatarlaýaryn.

Megerem, olaryň ilkinjisi gündizleriň iň gysga günlerinde ýurdumyzyň çägindäki iň gysga gündizlere şaýat bolmak bagty bolardy. Ir bilen sagat 8-e golaýlaman ýagtylybermeýän jahan gaýtadan tümlüge bürenmek üçin hem agşam 8-9-a garaşyp duranok. Bary-ýogy birnäçe sagatlyk gündizler, göwnüňe bolmasa, edilmeli işleriň juda kändigini ýatladyp, hyýallaryňy gyssaýana çalymdaş. Her niçik hem bolsa, bu ýagdaý ýylyň iň gysga gündizlerinde-de ir säher 7-ä galman güneşi garşylaýan, garaňkyny düşürip hem öýe dolanýan gündogarly žurnalist üçin täsinligiň hut özi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Awaza.