Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty: dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­synda

7 Dekabr 2022
706

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly rowaçlyga beslenen düýpli özgertmeleri, tutumly başlangyçlardan gözbaş alan şanly ösüşleri bilen şöhratly taryhymyzyň altyn sahypasynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň gadymy milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek, olary baýlaşdyrmak, döwrebap röwüşde ösdürmek barada edýän işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan mertebelenilmegi üstümizdäki ýylymyzyň şanyna-şan, göwünlerimiziň joşgunyna-joşgun goşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky gelip gowşan hoş habar hem ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Ildeşlerimiz bu barada redaksiýamyza ýollaýan hatlarynda ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler:

Güneşli ýurdumyzda ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, nesilden-nesle geçip, sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek babatda nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.