«Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi öz müş­de­ri­le­ri­ne el ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni kar­zy­na sa­tyn al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» DTB-si ar­ka­ly möh­le­ti 3 ýy­la çen­li, ýyl­lyk 12 gö­te­rim bi­len 30 000 ma­na­da çen­li möçberli karz se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni hö­dür­le­ýär.

6 Dekabr 2022
556

Birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hemde sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Munuň özi diňe bir içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda onuň türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolup durýandygyny görkezmek bilen baglydygyny aňladýar.

Türkmen halylarynyň haýran galdyrýan gözelligini we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygyny, olaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Bu aýratynlyklar halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar. Köp asyrlyk taryhynda halyçylyk sungaty belent derejedäki kämillige ýetirilip, nagyşlar çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň nagyşlarynda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy, onuň pelsepesi we dünýägaraýşy beýan edilendir.

https://turkmenhali.gov.tm/