Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

8 Dekabr 2022
1811

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.