Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler

8 Dekabr 2022
353

Türkmenistan we Russiýa ulag, üstaşyr hem-de logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparynyň döredilmegi boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mämmethan Çakyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan topary döretmek meýilleşdirilýär.