Bilim ulgamynda täze belentlikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Ylym-bilimi dünýä derejesinde ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugry kämilleşdirmek maksady bilen halkara giňişliginde alnyp barylýan işler giň goldawa eýe bolýar. Ýakynda paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.