Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

17 Fewral 2023
379

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň diplomatik geňeşçisi Jowanni Donatonyň arasynda anna güni Rimde geçirilen duşuşykda italýan kompaniýalarynyň ýokary tizlikli demir ýol liniýalaryny, awtoulag ýollaryny we ýokary tizlikli otlulary gurmakda gazanan üstünlikleri boýunça tejribe alyşmak meselelerine garaldy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Toýly Kömekow Türkmenistanyň üstünlikli ösüşiniň iň möhüm görkeziji hökmünde ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.