Sergi öz işini üstünlikli tamamlady

17 Fewral 2023
1088

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde paýtagtymyzda guralan Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi üç günläp dowam etdi. Düzüminde 100-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly topar, şeýle-de iki doganlyk halkyň arasynda dürli ugurlarda ençeme ýyl bäri netijeli gatnaşyk saklap gelýän ata Watanymyz Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary gatnaşdylar. Elbetde, Eýranyň iri kompaniýalaryndan türkmen topragynda  geçirilen sergä ilkinji gezek gatnaşanlary hem bar. Ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sergide olar öz önümlerini hödürlemäge mümkinçilik aldylar. Şeýle-de bu forum olaryň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmagyň dürli mümkinçiliklerini öwrenmegine uly çelgi boldy.

Ýöriteleşdirilen ykdysady serginiň geçirilmegi iki doganlyk ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy ýaly pudaklarda, şeýle-de hususy ulgamlaryň arasyndaky öňden gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmegi has-da işjeňleşdirmäge goltgy berýär. Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup, nebitgaz, söwda-ykdysady pudaklarynyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki wagtda iki ýurduň hünärmenleri tarapyndan energetika pudagynda, aýratyn-da, nebit we gaz ugurlarynyň üstaşyr geçirilişini hem-de söwdasyny öz içine alýan hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilýär.

“Zenan kalby”.