Türkmenistan — ÝUNESKO: ylalaşyklara gol çekildi

17 Fewral 2023
384

16-njy fewralda paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, degişli ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

«Watan».