Ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär

17 Fewral 2023
534

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«Watan».