Sport hyzmatdaşlygy ösdürilýär

17 Fewral 2023
394

Bu gün sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine uly ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan ähmiýetli işleriň netijeleri dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni bu ugurda uly ösüşe eýe bolýan Watanymyza gönükdirýär.

Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy hem sport hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini özünde jemledi. Bu ýerde sportdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de şu ýylyň 4 — 14-nji awgusty aralygynda Belarusda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň II sport oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmen sporty».