Türk ilçihanasynyň wekilleri «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen tanyşdylar

18 Fewral 2023
442

Ýakynda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, myhmanlar bu ýerde gümrük taýdan resmileşdirmek, üstaşyr ýükler barada deslapky maglumatlaryň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen tanyşdylar.