Hoşniýetli hyzmatdaşlyk berkidilýär

17 Fewral 2023
399

Parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary alyp barýar. Muňa şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň hyzmatdaşlyk edýän dürli ýurtlarymyzyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň ynanç hatlaryny kabul etmegi hem aýdyň mysaldyr.

14-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilegden ynanç hatyny kabul edip, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Hususan-da, söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekile hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berlip, ol Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

"Nesil".