Türkmenistan we Türkiýe üstaşyr we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

17 Fewral 2023
389

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet araçäginde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördüler. 

Nokatda gümrük amallaryny ýokary hilde amala aşyrmak üçin döredilen şertler bilen tanşyp,wekiliýetiň agzalary we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Türkmenistanyň çäginden gidýän üstaşyr we ikitaraplaýyn awtoulag ýük daşamalary amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi barada pikir alyşdylar.