Bilelikdäki tagallalar — anyk netijeler

17 Fewral 2023
463

15-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň jümmüşine uzap gidýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigi bellenildi. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar. Häzirki wagtda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda uly mümkinçilikler bar we baý tejribe toplanyldy. Şunda «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşydygy bellenildi.

"Nesil".