Hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri

17 Fewral 2023
532

Halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly halk hojalygynyň pudaklaryna dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, milli önüm üçin daşarky bazarlara çykmaga mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarydyr. 15 — 17-nji fewral aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi hem dostlukly ýurt bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Eýranyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny we tehnologik ösüşiniň kuwwatyny şöhlelendirmek maksady bilen guralan gözden geçirilişe goňşy ýurduň kompaniýalarynyň we firmalarynyň 70-e golaýy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda gurluşyk senagaty, oba hojalygy, maşyngurluşyk, ýangyç-energetika, azyk senagaty, lukmançylyk, ýokary tehnologiýalar we himiýa senagaty, senetçilik ýaly ugurlarda iş alyp barýan işewürler harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Bizem olaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, türkmen-eýran işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna göz ýetirdik.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».