"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Eýran Türkmenistana barýan demir ýoluň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak isleýär

Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi. Ol: “Merkezi Aziýa döwletleriniň demir ýol ulaglary babatdaky güýçli pozisiýasyny göz öňünde tutsak, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesinde demirýollaryň geçirijilik kuwwatyny ulanmak üçin has köp mümkinçilik bar” – diýip aýtdy we gündogar Eýranda bu ugurda infrastrukturany güýçlendirmek we ösdürmek üçin möhüm taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi.

Türkmenabat şäherinde ekofestiwal geçirildi

Geçen şenbede Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň mähellesi adatdakylardan has kän boldy. Şol gün seýilgähde Halkara Ýer gününe bagyşlanan ekofestiwal geçirildi. Bu festiwaly Lebap welaýat häkimligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde gurady. Oňa dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow hem gatnaşdy.

Türkmen işewürleri “Chinaplas” halkara sergisine gatnaşdylar

17 — 20-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherindäki Bütindünýä sergi merkezinde «Chinaplas» ady bilen plastmassa we polimer önümçiligi boýunça halkara sergi geçirildi. 150-ä golaý döwletden 50 müňe golaý işewür, şol sanda türkmen telekeçileriniň hem onlarçasy bu sergä gatnaşyp, plastmassa we polimer önümleri boýunça dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular. Dünýäde elektronika önümleriniň iň köp öndürilýän ýeri bolan Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen sergide 18 sany bölümde müňlerçe görnüşli täze önümleriň mysalynda plastmassa we polimer önümçiliginiň ýeten sepgitleri, geljekki gözýetimleri tanyşdyryldy. Bu ýerde gatnaşyjylara degişli ugurdaky döwrebap innowasiýalar, maşyngurluşykda ulanylýan dürli düzüm bölekleri hem-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, plastmassa we polimer zibillerini gaýtadan işlemek, olary arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de täzeden ulanmak babatda gazanylan häzirki zaman tejribeleri görkezildi. Öz gezeginde türkmen telekeçileri hem olar bilen ýakyndan tanyş bolup, bu innowasiýalarydyr önümleri ýurdumyzda ulanmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanda plastmassa we polimer senagatyny ösdürmek üçin esasy üns berilmeli ugurlar barada öňdebaryjy bilermenler bilen pikir alyşdylar.

Halkara hyzmatdaşlykda ynanyşmak

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji apreldäki kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.

Türkmenistan — Koreýa: gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

17-nji aprelde paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Türkmen-koreý gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostluk, ynanyşmak, özara hormat

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç haty üçin, goňşy ýurduň Baştutanyna minnetdarlygyny beýan edip, Özbegistanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr pursatda bildiren duýgudaşlygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz goňşy döwletiň Baştutanyna mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Baştutanynyň şeýle agyr pursatda duýgudaşlyk etmegine ýokary baha berýändigini belledi.

«Space X» Aşgabatda geçiriljek halkara foruma wekiliýet ugradar

Amerikaly milliarder Ilona Maska degişli «Space X» kompaniýasynyň wekiliýeti şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu forum dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň pres-relizinde habar berilýär. Çeşmede bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» forumyna «Space X» bilen bir hatarda, «Airbus», «Boeing», «General Electric», «Lufthansa», «Cargo Lux», «Fly Dubai», «Turkish Airlines», «Dragon Oil», «Vitol, «Lukoil», «Lenovo», «Hyundai», «Toyota», «Casale» hem-de «Sumitomo» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ençemesi gatnaşar.

Türkmenistan — TÜRK­SOÝ: me­de­ni­ diplomatiýanyň giň mümkinçilikleri

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýyl TÜRK­SOÝ tarapyndan «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri bol­sa şol ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da­ky çöz­güt ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu wa­ka­lar my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar we çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, in­di­ki ýyl Mag­tym­gu­ly­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl, eý­sem, tutuş tür­ki dün­ýä­de hem giň­den bel­le­ni­lip, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li me­de­ni wa­ka öwrüler. Baý­ram­çy­ly­ga tür­ki döw­let­ler iş­jeň gat­na­şarlar. Änew şä­he­ri­niň gel­jek ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» hök­mün­de saý­la­nyp alyn­ma­gy, şeý­le hem 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi hal­ka­ra me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Me­de­ni gat­na­şyk­lar halk­la­ryň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, mil­li me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­ma­

Türkmen-koreý parlamentara dostluk gatnaşyklarynda täze başlangyçlar

17-nji aprelde paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Ilon Maskyň SpaceX we Jek Manyň Alibaba kompaniýalary ITTC 2023 - Aşgabat halkara ulag maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar

Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Bu maslahaty geçirmegiň maksady pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldilme boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatylaşmak we halkara ýük daşamalary babatynda täze hakykylyklara uýgunlaşma we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, halkara deňiz portlary, howa menzilleri we d/ý wokzallary ösdürmekdir.

Hazar deňziniň daşyndan aýlanýan awtoýoly gurmak meseleleri maslahatlaşylar

Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazar deňziniň daşyndan aýlanýan awtoýoly gurmak meselelerini maslahatlaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin mälim etdi. Aýdylyşyna görä, 18-nji maýda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» forumy geçiriler. Türkmenistandan-da wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan halkara forumyň barşynda Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtoulag ýoluny gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde bu boýunça degişli döwletleriň resmi wekilleriniň arasynda ylalaşygyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Moskwada 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler

17-19-njy aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. 12 bölümde geçiriljek halkara sergä dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşarlar. Başgaça «TransRussia» diýlip atlandyrylýan halkara sergi ýükleri eltip bermek, ammarlarda, terminallarda saklap bermek hem-de degişli gümrük amallaryny ýerine ýetirmek hyzmatlary bilen meşgullanýan rus, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly mümkinçilikdir. 3 günläp dowam etjek serginiň çäklerinde 6 sany maslahat guralyp, olarda kompaniýalaryň wekilleriniň, ulag-logistika pudagyndaky bilermenleriň 170-den gowragy çykyş eder.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ygtybarlylyk

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyz enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç haty üçin, goňşy ýurduň Baştutanyna minnetdarlygyny beýan edip, Özbegistanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr pursatda bildiren duýgudaşlygyna ýokary baha berýändigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize ýene bir gezek çuňňur gynanjyny beýan etdi, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine ägirt uly goşant goşan Ogulabat eje baradaky nurana ýatlamalaryň kalplarda hemişelik galjakdygyny belledi.

Köpasyrlyk gatnaşyklara ygrarlylyk

Ýurdumyzyň Özbegistan, Türkiýe Respublikalary we Eýran Yslam Respublikasy bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini bellemelidiris. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde degişli ýurtlaryň Baştutanlary bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleri hem subut edýär. Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.