Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

21 Aprel 2023
1245

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.