Türkmen-koreý gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

20 Aprel 2023
387

17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.