Köpasyrlyk gatnaşyklara ygrarlylyk

17 Aprel 2023
492

Ýurdumyzyň Özbegistan, Türkiýe Respublikalary we Eýran Yslam Respublikasy bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini bellemelidiris. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde degişli ýurtlaryň Baştutanlary bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleri hem subut edýär.

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Nesil".