Eýran Türkmenistana barýan demir ýoluň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak isleýär

24 Aprel 2023
313

Şenbe güni Eýranyň ulag ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Russiýanyň we Hindistanyň maliýe çeşmelerini ýurtda ulag infrastrukturasy taslamalaryny durmuşa geçirmekde ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.

Ol: “Merkezi Aziýa döwletleriniň demir ýol ulaglary babatdaky güýçli pozisiýasyny göz öňünde tutsak, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesinde demirýollaryň geçirijilik kuwwatyny ulanmak üçin has köp mümkinçilik bar” – diýip aýtdy we gündogar Eýranda bu ugurda infrastrukturany güýçlendirmek we ösdürmek üçin möhüm taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi.