«Space X» Aşgabatda geçiriljek halkara foruma wekiliýet ugradar

20 Aprel 2023
381

Amerikaly milliarder Ilona Maska degişli «Space X» kompaniýasynyň wekiliýeti şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu forum dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň pres-relizinde habar berilýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» forumyna «Space X» bilen bir hatarda, «Airbus», «Boeing», «General Electric», «Lufthansa», «Cargo Lux», «Fly Dubai», «Turkish Airlines», «Dragon Oil», «Vitol, «Lukoil», «Lenovo», «Hyundai», «Toyota», «Casale» hem-de «Sumitomo» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ençemesi gatnaşar.