Hazar deňziniň daşyndan aýlanýan awtoýoly gurmak meseleleri maslahatlaşylar

18 Aprel 2023
397

Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazar deňziniň daşyndan aýlanýan awtoýoly gurmak meselelerini maslahatlaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin mälim etdi.

Aýdylyşyna görä, 18-nji maýda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» forumy geçiriler. Türkmenistandan-da wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan halkara forumyň barşynda Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtoulag ýoluny gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde bu boýunça degişli döwletleriň resmi wekilleriniň arasynda ylalaşygyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.