Türkmenistan — TÜRK­SOÝ: me­de­ni­ diplomatiýanyň giň mümkinçilikleri

19 Aprel 2023
414

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýyl TÜRK­SOÝ tarapyndan «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri bol­sa şol ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da­ky çöz­güt ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu wa­ka­lar my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar we çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, in­di­ki ýyl Mag­tym­gu­ly­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl, eý­sem, tutuş tür­ki dün­ýä­de hem giň­den bel­le­ni­lip, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li me­de­ni wa­ka öwrüler. Baý­ram­çy­ly­ga tür­ki döw­let­ler iş­jeň gat­na­şarlar.

Änew şä­he­ri­niň gel­jek ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» hök­mün­de saý­la­nyp alyn­ma­gy, şeý­le hem 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi hal­ka­ra me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Me­de­ni gat­na­şyk­lar halk­la­ryň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, mil­li me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­ma­gy­ny gazanmak­da mö­hüm­dir. Me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­ Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sa­tyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ridir. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ryň ara­syn­da me­de­ni we yl­my taý­dan iş­jeň gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar, ser­gi­ler we çy­kyş­lar, halk­la­ryň sun­ga­ty, sa­zy we fi­lo­so­fik-ede­bi mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ýan hal­ka­ra mas­la­hat­lar gu­ral­ýar.

Oraz AB­DY­ÝEW.
«Türk­me­nis­tan».