Dostluk. Hoşniýetlilik. Ygtybarlylyk

17 Aprel 2023
381

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyz enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç haty üçin, goňşy ýurduň Baştutanyna minnetdarlygyny beýan edip, Özbegistanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr pursatda bildiren duýgudaşlygyna ýokary baha berýändigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize ýene bir gezek çuňňur gynanjyny beýan etdi, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine ägirt uly goşant goşan Ogulabat eje baradaky nurana ýatlamalaryň kalplarda hemişelik galjakdygyny belledi.

«Nesil».