Halkara hyzmatdaşlykda ynanyşmak

21 Aprel 2023
415

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji apreldäki kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.

"Nesil".